Lebaply gandbolçylar Maryda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler
Mary şäherinde 2008-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Onda welaýatymyzyň ýaş gandbolçylary üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşda Lebap welaýatynyň oglanlar topary ikinji orny eýeledi. Olar ýaryşyň ýeňijisi paýtagtly oýunçylardan bary-ýogy iki utuk yza galdylar. Emma olar ýaryşda üçünji orna düşen maryly türgenlerden bolsa 15 utuk tapawut bilen arany açdylar. Welaýatyň oglanlar ýygyndysynyň düzüminde Türkmenabat şäheriniň we Çärjew, Dänew, Köýtendag etraplarynyň türgenleriniň bardygyny ýatlamak ýerlikli bolar.
Welaýatyň gyzlar topary bolsa ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde türkmenabatly we dänewli gyzlar çykyş etdiler. Toparyň bu üstünliginde türgenler Selbi Wepaýewanyň, Maral Allakulyýewanyň, Eneş Şöhradowanyň, Şahla Jumabaýewanyň aýratyn goşandy bardyr.