YKDYSADYÝET

Lebaply gallaçylar 115 million manatdan gowrak ýyllyk girdeji aldylar

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasy döwlete tabşyrylan bugdaý üçin eýýäm 115 million 320 müň manat puly daýhanlaryň we önüm öndürijileriň şahsy töleg kartlaryna geçirdi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň 1 tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manada barabar boldy. Bu ýyl ikilenji ýyl daýhanlaryň girdejileri olaryň höweslerine höwes goşýar.
Bugdaý hasylynyň oragy dowam edýär. Ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklar hem her günde geçirilip dur. Bu bolsa ýere hyzmat edýänleri hasyly ýitgisiz we çalt ýygnamaga tijendirýär.