SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply futzalçylar Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi. Ýaryşa Lebap welaýatyndan Türkmenabat şäheriniň «Miras» futzal topary hem gatnaşýar. Munuň özi welaýatymyzda zenanlaryň arasynda futzal sportunyň ösdürilýändigini we bu ugra bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.
Çempionatyň açylyş dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ol ýurdumyzda futzalyň, şol sanda zenanlaryň arasynda bu sport görnüşiniň has giňden ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam eder. Ýaryş ýaş zenan türgenleriň ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri, tejribe toplamaklary we Türkmenistanyň çempionatynda mynasyp çykyş etmekleri üçin möhüm mümkinçilikdir.
Türkmenabat şäheriniň «Miras» toparynyň bu çempionata gatnaşmagy lebaply futzalçy gyzlar üçin uly synag bolmak bilen birlikde, olaryň sport ussatlygyny kämilleşdirmäge hem giň ýol açýar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýan bu çempionat zenanlaryň sportdaky ornuny berkitmekde we ýaşlaryň futzala bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.