Lebaply futbolçylar Türkmenistanyň açyk çempionatynda üçünji orny eýelediler

Lebap welaýatynyň 11-12 ýaşly türgenlerden düzülen topary futbol boýunça Mary şäherinde geçirilen Türkmenistanyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.

Ýaryşa ýurduň welaýatlaryndan toparlaryň 8-si gatnaşdy. Onda ussat tälimçi Halmuhammet Gurbanowyň türgenleşdirýän topary Lebap welaýatyna wekilçilik etdi. Topar baýrakly üçünji orny eýeledi. Mary welaýatynyň topary ýaryşda birinji, Balkan welaýatynyň futbolçylary bolsa ikinji orunlara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector