YKDYSADYÝET

Lebaply eksportçylaryň hataryna ýene bir hususy kärhana goşuldy

Geçen aýda harytlaryny daşary ýurtlara iberýän Lebap welaýatynyň hususy önüm öndürijileriniň hataryna ýene biri goşuldy. «Milli önüm» hususy kärhanasy 106,5 tonna kendir ýüpüni Azerbaýjana ugratdy. Bu kärhananyň alty aýda öndüren önüminiň üçden iki bölegine ýakyndyr.

Häzir senagat harytlaryny öndürýän hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň 9-sy daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşygyny ýola goýdular. Geçen alty aýda olar umumy bahasy 11 million 813 müň manatlykdan gowrak harydy daşary ýurtlara iberdiler. Onuň gyzyl puldaky bahasy bolsa 3 million 375,5 müň amerikan dollaryna ýakynlady.

Kärhanalarda öndürilen önümleri Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarusyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: