SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply dzýudoçylar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

Dzýudonyň Lebap mekdebiniň uçurymlary Serdar Rahymow bilen maýsa Pardaýewa Pariž şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dzýudo ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik eder. Serdar Rahymow Hojambaz, Maýsa Pardaýewa bolsa Köýtendag etrabynda doglup, ilkinji tälimi şol etraplarda aldylar. Häzir olaryň ikisi hem Aşgabatda ýokary bilim alýarlar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň türgenleşik işleri Horwatiýanyň Poreç şäherinde dowam edýär.

Baş tälimçi Kazuhiko Tokunonyň hem-de Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysynyň bu ýerdäki güýçlendirilen türgenleşik işleri 29-njy iýuna çenli dowam eder. Şondan soň ýygyndy toparyň wekilleri taýýarlyk işlerini dowam etdirmek üçin Ispaniýa tarap ýola düşerler.   Horwatiýada geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryndan Hekim Agamämmedowyň bilen Zülhumar Daşgynowanyň hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys. Olar Rahymowyň hem- de Pardaýewanyň sparring kömekçileri hökmünde çykyş edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: