Lebaply dzýudoçylar ― döwlet ýaryşynyň ýeňijileri boldy
Lebap welaýatynyň dzýudo boýunça ýygyndysy ýakynda Aşgabatda geçirilen
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda toparlaýyn hasapda birinji orny
eýeledi.
Ýaryşa paýtagtdan we ýurduň sebitleriniň ählisinden iň güýçli dzýudoçy
türgenler gatnaşdylar. Lebaply dzýudoçylary jogapkärli ýaryşa Türkmenabat
şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Baýramdurdy Halyllaýew, Nasiba Hallyýewa, Madina Babakulyýewa, Zarina Saparowa we Raşit Tursunow dagy taýýarladylar.
Ýaryşda has gowy çykyş eden türgenler öňde duran halkara ýaryşlar üçin milli
ýygyndynyň gözden geçirilişine gatnaşarlar.