SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply düzzümçiler Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Aşgabat şäheriniň küşt we şaşka mekdebinde düzzüm boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda Lebap welaýatynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Olar şahsy görnüşde geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlaryň 6-syna mynasyp boldular.

20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda gyzlardan Mähri Aýmakowa birinji we Dilnaza Jumaniýazowa üçünji, oglanlardan Amir Owezow we Gaýrat Bahtiýarow degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler. 20 ýaşdan ulularyň arasynda geçirilen ýaryşlarda Eziz Artykow birinji we Kamila Mustakowa ikinji orunlary gazandylar.

Ýeňijiler degişli diplomlar we medallar bilen sylaglanyldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: