Lebaply düzzümçiler Türkmenistanyň çempionatynda bäş medala mynasyp boldular
Lebaply düzzümçiler paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň çempionatyndan baýrakly orunlaryň bäşisi bilen dolanyp geldiler. Şeýlelikde, olar toparlaýyn hasapda paýtagtymyza wekilçilik eden türgenlerden soň ikinji orny eýelediler.
Ýaryş ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirildi. Ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda lebaply düzzümçiler birinji orunlaryň ikisine mynasyp boldular. Has takygy, oglanlaryň arasynda Amir Öwezowa, gyzlaryň arasynda bolsa Niginabanu Çaryýewa taý tapylmady. Şeýle hem gyzlaryň arasynda Dänew etrabyndan Mähri Aýmakowa ikinji orny eýeledi.
Ulularyň arasynda Saýat etrabyndan Atageldi Atalyýew ilkinji üçlüge girmegi başaran bolsa, zenanlaryň ýaryşynda türkmenabatly türgen Dilnaza Jumaniýazowa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.