MEDENIÝET

Lebaply döredijilik işgärleri ýurduň baş gazeti tarapyndan yglan edilen bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan edýär. Bu baradaky degişli bildiriş gazetde çap edildi.
Makalalardyr oçerkler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda netijeli, yhlasly zähmeti bilen ýaşlara görelde bolýan, köp ýyllaryň dowamynda ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeş zenanlara, uzak ýaşly enelere, milli sungaty, çeper el işlerini ýaşlara öwretmekde tapawutlanýan zenanlara bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän işlerini «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler.

Bäsleşik Halkara Zenanlar güni mynasybetli jemlener.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: