Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň bilim ministrligi tarapyndan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynyň diňleýjileriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi.
Iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş derejesinde geçirilýän bäsleşigiň ikinji tapgyryna Lebap welaýatyndan 121 diňleýji gatnaşdy. Şolaryň 42-si has ýokary netijeleri gazanyp, 19-20-nji mart günlerinde geçiriljek üçünji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Üçünji tapgyrda ýurdumyz boýunça 203 diňleýji bäsleşer.
Ýeri gelende aýtsak, welaýatymyzdaky bilim ojaklarynda, şol sanda, gysga möhletli okuw merkezlerinde daşary ýurt dilleri çuňňur görnüşde okadylýar. Bu bolsa yzygidelri bäsleşiklerde öz miwesini berýär. Bu gün welaýatymyzyň ýaşlary diňe bir iňlis ýa-da rus dillerini däl, eýsem, hytaý, arap, pars, fransuz, ýapon ýaly Ýer ýüzünde has meşhur dilleri hem netijeli özleşdirýärler.
Lebaply diňleýjiler daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşige gatnaşýarlar

26
Feb