SYÝASAT

Lebaply deputatlaryň ikisine Türkmenistanyň Mejlisinde jogapkärçilikli wezipeler ynanyldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna Lebap welaýatyndan saýlananlaryň ikisine ýurduň milli parlamentinden jogapkärli wezipeler ynanyldy.

«Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen, 77-nji «Farap» saýlaw okrugynyň deputaty Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Kanunda ýurduň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 79-njy «Darganata» saýlaw okrugynyň deputaty Bahar Hojamuradowna Seýidowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: