Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenabat ýol we desgalar edarasynyň ýol ussasy Rejep Mamedowiç Nazarow «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Oňa bu at Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda 20-nji sentýabrda gowşuryldy.
― Pederlerimiz ýol gurmagy sogaply iş hasaplaýarlar. Ykbal maňa Aşgabat ― Garagum ― Daşoguz, Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran, Serhetabat ― Turgundy, Ymamnazar ― Akina demirýollarynyň gurluşygyna gatnaşmak bagtyny eçildi. Milli ýykdysadyýetimize uly goşant goşýan bu ýollardan peýdalanýan her bir adamyň aýdýan alkyşyny onki süňňümiz bilen syzýarys. Bu gün bolsa öz tejribämizi ýaş kärdeşlerimiz ― şägirtlerimiz bilen paýlaşyp, olaryň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk edýäris― diýip, ol «Jeyhun.news»-iň habarçysyna gürrüň berdi.
Lebaply demirýolça hormatly at berildi
23
Sep
