Şu ýylda lebaply şalyçylar 10200 gektar meýdanda ekilen şalydan 47400 tonnadan gowrak hasyly ýygnamagy maksat edinýärler.
Daýhanlaryň yhlasly zähmeti ýerine düşdi. Welaýatda şalynyň bol hasyly ýetişdirildi. Welaýatyň daýhanlary şaly ösdürip ýetişdirmäge ýylyň-ýylyna barha uly höwes we hyjuw bilen ýapyşýarlar.
Şalyçylaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen şalynyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhy hem yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şu möwsümde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda şalynyň täze hasylynyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 1500 manat boldy. Geçen ýylda şaly hasylynyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahasy 900 manada barabardy.