Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda guralan dabara ýurdumyzyň ähli künjeginden zehinli çagalary jemledi. Ders olimpiadalarynyň, döredijilik we sport bäsleşikleriniň ýeňijilerine gowşurylýan abraýly baýraklara bu ýyl Lebap welaýatyndan bolan birnäçe çagalar hem mynasyp boldy. Olar bilimde, sungatda hem-de sportda gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanyp, ýörite diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Däp bolşy ýaly, Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy Täze ýyl mynasybetli geçirilip, bu ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda guralan çäreler bilen utgaşdy. Bu dabaranyň ýaş nesillerde döredijilikli pikirlenmäni ösdürmäge, zehinli çagalaryň mümkinçiliklerini açmaga uly itergi berýändigi bellenildi. Lebaply çagalaryň bu abraýly baýraklara eýe bolmagy welaýatymyzyň ýaş nesilleriniň ýokary taýýarlygyny, bilim we döredijilik ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň yzygiderli artýandygyny aýdyň görkezýär.
Lebaply çagalaryň birnäçesi Gulbaba adyndaky baýraga eýe boldy
07
Jan
