Lebaply çagalaryň 70-e golaýy Awazada we Gökderede dynç alýarlar
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç», şeýle hem Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde welaýatymyzyň bagtyýar nesilleri üçin tapgyrlaýyn dynç alyşlary guraýar. 2-nji iýunda bu merkezleriň ikisine-de çagalar ugradylyp, şu günler olarda möwsümiň birinji tapgyry dowam edýär.
Deňiz ýakasyndaky merkezde häzirki günlerde iki mugallymyň ýolbaşçylygynda welaýatyň dürli etrap-şäherlerine wekilçilik edýän çagalaryň 43-si dynç alýar. Birinji tapgyr 11-nji iýuna çenli dowam eder.
Ýeri gelende aýtsak, Awazadaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde şu möwsümde çagalaryň dynç alşynyň bäş tapgyry meýilleşdirilýär. Bu bolsa deňiz ýakasyndaky merkezde awgust aýynyň ortalaryna çenli çagalara hezil günleriň garaşýandygyny görkezýär. Şu günler birleşigimiziň agzalaryndan indiki tapgyrlar üçin hem ýüztutmalar gelip gowuşýar.
Gökdere jülgesinde bolsa çagalaryň 26-syna we bir ýolbaşça ýollanma berlip, häzirki günlerde üç tapgyrlyk dynç alşyň birinji tapgyry dowam edýär. Bu tapgyr 21-nji iýuna çenli dowam eder.