Lebaply çagalaryň 12-si Gulbaba adyndaky baýragyň eýesi boldular
Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde okaýan çagalaryň bir topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldy.
Şu ýyl ýurt boýunça bu baýrak çagalaryň 92-sine gowşuryldy. Şolaryň 12-si
Türkmenabat şäheriniň, Dänew, Halaç, Kerki, Hojambaz we Köýtendag etraplaryndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan zehinli çagalardyr.
Has takygy, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Didar Baltaýew, welaýat merkezindäki 26-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Milara Tahyrjanowa, ýene-de welaýat merkezindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Umyt Töräýew, Dänew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa, ýene şol etrabyň 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kerim Baýramow, etrapdaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Merjen Abaýewa, ýene-de Dänew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Mähriban Begendikowa, Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa, Kerki etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 9-njy synp
okuwçysy Maýa Mekanowa, ýene şol etrabyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Serdar Amangeldiýew, Hojambaz etrabynyň Magtymguly adyndaky 1-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Şeker Serdarowa we Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 9-njy synp Gülnahal Annageldiýewa dagylar bu abraýly Çagalar baýragynyň 2025-nji ýyldaky eýeleri boldular.