JEMGYÝET

Lebaply çagalar ýöriteleşdirilen merkezlerde dynç alyp başladylar

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň çagalary hem ýöriteleşdirilen sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirip başladylar. Welaýatymyzyň dürli etrap-şäherlerinden bolan çagalar Türkmenabadyň etegindäki «Bagtyýarlyk», Gökderedäki we Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugradyldy.
«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýaş nesilleriň tomusky dynç alşyny manyly guramak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Merkezde bir tapgyrda 300 çaga kabul edilýär. Tomus möwsüminiň dowamynda bolsa bu ýerde 900-e golaý çaganyň dynç almagy meýilleşdirilýär. Çagalara kino, amfiteatr, kompýuter otaglary, kitaphana, açyk we ýapyk suw howuzlary, sport meýdançalary hyzmat edýär. Şeýle hem çagalaryň saglygyny berkitmek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek we döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin dürli bäsleşikler, medeni çäreler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.
Merkezde çagalaryň saglygy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Lukmanlaryň gözegçiliginde alnyp barylýan çäreler, arassa howada gezelençler, sagdyn iýmitleniş we kadaly dynç alyş çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine ýardam berýär. Çagalar günüň dowamynda bäş wagtyna çenli ýokumly naharlar bilen üpjün edilýär.