BILIM

Lebaply bilim işgärlerine Bilim ministrliginiň Hormat hatlary gowşuryldy

Ýakynda uly dabaralar bilen bellnilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy
mynasybetli lebaply bilim işgärleriniň dördüsi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Has takygy, bu mertebä Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Şageldi Ýabanow, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Aman Berdimyradow, Türkmenabat şäheriniň 65-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şerbetaý Taganowa, Lebap welaýatynyň 5-nji ker, çala eşidýän we soň ker bolan çagalar üçin ýörite umumybilim berýän mekdep-internatynyň surdomugallymy
Hemragül Amanowa dagylar mynasyp boldular. Olar ýurduň bilim işgärleriniň uly topary bilen bilelikde ministrligiň binasynda sylaglanyldy.