BILIM

Lebaply bilim işgärleri we talyplar paýtagtymyzda geçiriljek maslahatlara gatnaşar

Hökümetiň 18-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen,

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;

5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;

19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: