Lebaply bilim işgärleri we talyplar himiýa boýunça halkara maslahata we olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti iki sany iri halkara wakalaryň – himiýa boýunça III halkara olimpiadanyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüler. Oňa lebaply bilim işgärleriniň we
talyplaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
27-nji noýabrda utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirilip, ol Türkmenistanyň we dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerini, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Himiýa institutynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylmy
edaralarynyň we guramalarynyň alymlaryny, barlaglary alyp baryjylaryny,
hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça III halkara olimpiada 25–30-njy noýabr aralygynda göni gatnaşmak arkaly geçiriler.