BILIM

Lebaply bilim işgärleri innowasion tehnologiýalar boýunça geçirilen festiwalda öňe saýlandylar

Lebaply bilim işgärleri sanly ulgamda gazanan üstünlikleri üçin sylaglandy. 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Sanly Çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda geçirilen Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mugallymlar we hünärmenler bilen birlikde Lebap welaýatynyň wekilleri hem tapawutlandy.
Festiwalyň çäginde sanly bilimi ösdürmekde goşan goşantlary üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Ruslan Dönmezow hem-de Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Sünnet Adylow Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we sowgatlary bilen sylaglanyldy. Bu üstünlikler lebaply hünärmenleriň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda alyp barýan netijeli işleriniň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär.