Lebaply bank işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramy we milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň baş baýragyna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Merkezi banky, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyry paýtagtyň «Gül zaman» toý-dabaralar merkezinde geçirildi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülşat Eminowa bilen «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Amul şahamçasynyň hünärmeni Aýsoltan Saryýewa bäsleşigiň baş baýragyna eýe boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.