Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň I ýyl talyby Aýnazar Amanow bilen Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Alymow «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Ýeňijiler milli sungatyň ösdürilmegine goşýan
döredijilik goşantlary üçin uly buýsanja eýe bolup, geljekde täze üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragy ugrunda guralýan döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde guraldy. Ýaryşyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagynyň okalmagy çykyş edenleriň hem tomaşaçylaryň ruhuny galkyndyryp, milli medeniýetimiziň ösüşine döredilýän
giň mümkinçilikleriň aýdyň nyşany boldy. Sungat söýüjilerde uly täsir galdyran bu bäsleşik ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň zehinini giňden açyp görkezdi.
Lebaply bagşy-sazandalar «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri boldular
22
Aug
