Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda ýaş zehin Aýnazar Amanow üçin aýratyn ýatdan çykmajak pursatlar ýaraňlady. Ol ilki «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolup çykyş etdi we jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Şondan soň bolsa giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň talyby boldy. Şeýlelikde, ýaş bagşy ýurdumyzyň halkara derejesinde giňden bellenilýän baýramçylyk ýylynda üstünlikleriň eýesi boldy.
Aşgabat şäherinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Aýnazar Amanow Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döredilen «Ýar senden» atly türkmen halk aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, bäsleşigiň döwlet derejesindäki ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýaş bagşy özüniň halypasy, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezowyň terbiýesi hem-de döwletimiziň milli sungata goýýan uly aladalarynyň netijesinde şeýle üstünlige ýetendigini nygtap, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Lebaply bagşy bir ýylda iki üstünlik gazandy
29
Aug

