JEMGYÝET

Lebaply alymyň Magtymguly Pyragy barada goşa kitaby çapdan çykdy

Pedagogik ylymlaryň kandidaty Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly iki jiltlik ylmy-edebi we terbiýeçilik mazmunly kitaby Türkmensitanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilip, okyjylaryň eline gowuşdy.

Ýazaryň «Ýagşyny älem arzuwlar» atly birinji kitabynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň türkmene mahsus bolan gylyk-häsiýetleri terbiýelemekdäki ähmiýeti hakynda gürrüň edilýär. Şahyryň «Halk ýamanyň bizarydyr» diýen goşgy setiri bilen atlandyrylan ikinji kitap birinji kitabyň dowamydyr. Onda şahyryň eserlerinde paş edilýän ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşda durmagyň, saplanmagyň ýollary dogrusynda söz açylýar.

Häzirki wagtda hormatly dynç alyşda ýören Çary Gurbangeldiýew köp ýyllaryň dowamynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda dürli wezipelerde zähmet çekmek bilen, orta mekdepde fizikany okatmagyň usulyýeti boýunça hem-de terbiýeçilik, ylmy-edebi mazmunly onlarça makalalaryň awtorydyr. Şeýle-de ol Türkmenistanyň orta mekdepleri we mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin fizikadan 40-a golaý okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamaga gatnaşdy.