Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi, şeýle hem çempionaty geçirildi. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gatnaşan ýaş türgenleriň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular. Ýaryşlaryň dowamynda lebaply türgenlerden Gülzada Hudaýberdiýewa ýetginjek gyzlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde 140 kilogram netije bilen ikinji orny eýeledi. Şeýle hem Wiktoriýa Magdasiýewa şol agram derejesinde üçünji ornuň eýesi boldy. Ýetginjek oglanlaryň arasynda bolsa lebaply türgen Merdan Joraýew 56 kilograma çenli agram derejesinde 207 kilogram netije görkezmek bilen, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de Pälwan Agamyradow 71 kilogram agram derejesinde ikinji, Arslan Babajanow 79 kilogram agram derejesinde üçünji orunlary eýelediler. Ýaşlaryň arasynda geçirilen milli ýaryşlarda hem welaýatymyzyň wekilleri üstünlikli çykyş etdiler. Mähri Erkinowa 63 kilograma çenli agram derejesinde ikinji, Allanazar Orazberdiýew 110 kilograma çenli derejede üçünji, Azat Durdyýew bolsa 110 kilogramdan ýokary derejede üçünji orunlary eýelediler. Türkmenistanyň çempionatynda lebaply türgenlerden Gülzada Hudaýberdiýewa 53 kilograma çenli derejede ikinji, Mähri Erkinowa 63 kilograma çenli derejede üçünji, Jeren Roznazarowa bolsa 86 kilograma çenli derejede üçünji orny eýeläp, welaýatymyzyň sport abraýyny has-da belende göterdiler.

