SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply agyr atletikaçylar Aşgabatdan baýrakly orunlar bilen dolandylar

Aşgabat şäherinde agyr atletika boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginden lebaply türgenler hem baýrakly orunlar bilen dolandylar. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen bu ýaryşda Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Süleýman Jafarow 89 kilogram agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 121, itekläp götermekde 125 kilogramy galdyrdy we birinjiligi gazandy. Dänewli agyr atletikaçy Gulbahar Permanowa hem 81 kilogram agram derejesinde birinjilige eýe boldy. Ol silterläp 56, itekläp 65 kilogramy galdyrmagy başardy.

Dänew etrabynyň türgenleri Mergen Haltajow 96 kilogram agram derejesinde, Aýgözel Tyllaýewa 59 kilogram agram derejesinde we Zulfiýa Allaýarowa 45 kilogram agram derejesinde ikinji, türkmenabatly Gulfiza Seýlihanowa bolsa 45 kilogram agram derejesinde üçünji baýrakly orunlara eýe boldular.

Lebap welaýatynyň ýygyndysyny bu ýaryşlara Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçileri Ýusup Ramazanow we Bagtyýar Jafarow taýýarladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: