Lebap welaýatyndan Süleýman Jafarow Müsürde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşar. Halkara agyr atletika federasiýasynyň maglumatyna görä, bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysyna dokuz türgen wekilçilik eder.
Ýygyndy toparyň erkekler düzüminde Süleýman Jafarow 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder. Şeýle hem Didarbek Jumaýew 79 kilograma çenli, Yslam Akmyradow 94 kilograma çenli, Saparbaý Atajanow bolsa 110 kilogramdan ýokary agram derejesinde bäsleşer. Bäsleşikler Sues kanalynyň dolandyryş müdiriýetiniň klubunyň zalynda geçiriler.
Lebaply agyr atletikaçy dünýä çempionatyna gatnaşar
04
May

