«Lebapgazüpjünçilik» gyşky möwsüme taýýarlykly barýar
«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynda ulgamy gyş möwsümine taýýarlamak işleri guramaçylykly tamamlandy. Şonda gaz paýlaýjy beketleriň 378-sinde, şeýle-de gaz sazlaýjy nokatlaryň 3270-den gowragynda barlag-gözegçilik işleri ýerine ýetirildi.
Bulardan başga-da dürli basyşly gaz geçirijilerde şeýle işler geçirildi. Olaryň dowamynda enjamlaryň abatlyk ýagdaýy gözden geçirildi we olara tehniki taýdan hyzmat edildi. Bu bolsa gyş paslynda ulgamyň sazlaşykly işlemegine, ilatyň, senagat we medeni-durmuş maksatly binalaryň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegine uly ýardam berer. Häzirki wagtda welaýatda tebigy gazdan hususy hojalyklaryň 212,1 müňe golaýy peýdalanýar. Degişli hünärmenler olardaky gaz enjamlarynyň talabalaýyk işledilmegine gözegçiligi we tehniki hyzmaty netijeli amala aşyrýarlar.