TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde tebigy gazyň öndürilişi artýar

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde ýylyň başyndan bäri tebigy gazyň 7 milliard 771,7 million kub metrden gowragyny öndürildi.
Bu göz öňünde tutulanyndan ep-esli artykdyr. Yas takygy «mawy ýangyç» öndürmek baradaky meýilnama 103,4% ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, tebigy gaz bilen ugurdaş çykýan we gymmatly çig mal bolan gaz kondensatynyň hem 47,5 müň tonna golaýy öndürildi.
Nebitiň we tebigy gazyň täze gorlarynyň açmak boýunça alnyp barylýan işler tebigy ýangyjyň mukdaryny artdyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Mysal üçin, şu ýyl Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Täjibaý meýdançasy senagat taýdan özleşdirilip, bu ýerden tebigy gaz alnyp başlandy.
Şeýle işler beýleki ýerlerde hem dowam etdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply