YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde meýilnamadan artyk 1 milliard 44,2 million kub metr tebigy gaz öndürildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde şu ýylyň geçen bäş aýynda tebigy gazyň 5 milliard 286 million kub metre golaýy öndürildi. Munuň özi «mawy ýangyjyň» 1 milliard 44,2 million kub metre golaýynyň meýilnama goşmaça öndürilendiginden habar berýär.

Baýlyk çykaryjylar gaz kondensatynyň öndürilişini hem artdyrýarlar. Geçen  döwürde bu gymmatly çig malyň 22269 tonnasy öndürilip, meýilnama 117,2 göterim berjaý edildi. Şeýle üstünlik müdirlige degişli gaz känlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, hereketsiz duran guýulary abatlap, gaýtadan işe girizmek işleriniň netijeli ýola goýulmagy arkaly gazanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: