YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde geçen üç aýda tebigy gazyň çykarmak boýunça meýilnama 119,4 göterim ýerine ýetirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi tarapyndan üstümizdäki ýylyň geçen üç aýda geçen üç aýynda tebigy gazyň 3 milliard 183 million kubmetre golaýy çykaryldy.

Bu görkeziji meýilnamanyň 119,4 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Şeýle-de geçen döwürde gaz kondensatynyň 14 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky tabşyryk hem 115 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. «Nebit-gaz» gazetiniň habar bermegine görä, bu üstünlikde müdirligiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleriniň goşandy uludyr. Has takygy geçen döwürde bölek boýunça tebigy gazyň 2,8 milliard kubmetrden gowragy gazylyp alyndy. Munuň özi meýilnamada bellenilenden ep-esli artykdyr. Bu bölege Kükürtli, Malaý, Bagaja, Farap, Çartak, Täji baý ýaly gaz känleri degişlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: