YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça geçen ýylda tebigy gaz çykarmak baradaky meýilnama 124 göterim berjaý edildi

Tamamlanan ýylda müdirligiň ussat hünärmenleri  «mawy ýangyjyň» 12,1 milliard kub metre golaýynyň öndürilip, sarp edijilere ugradylmagyny üpjün etdiler.  Mundan başga-da gaz kondensatynyň hem 45,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 108 göterim berjaý edildi. Gazanylan uly üstünlikde müdirligiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň baýlyk çykaryjylarynyň saldamly zähmet paýy bar. Olar tarapyndan 2022-nji ýylda tebigy gazyň 9 milliard 826 million kub metre golaýy öndürildi we ýyllyk meýilnama 126 göterim berjaý edildi. Harytlyk önümiň 7 milliard 349 million kub metre golaýy Malaý ― Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça akdyryldy. Şonça önümiň aglaba bölegi bolsa baglaşylan döwletara şertnamasyna laýyklykda Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça dostana ýurda ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: