YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» 128,5 müň kub metr «mawy ýangyjy» meýilnamadan artyk çykardy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde şu ýylyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda tebigy gazyň 128 müň 516 kub metri bellenilen meýilnamadan artyk çykaryldy.

Has takygy, şu döwürde 3 milliard 618 million 922 müň kub metre erek 3 milliard 747 million 438 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, iş meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi. Şeýle-de bu döwürde gaz kondensatynyň hem 14 müň 961 tonnasy öndürildi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden 288 tonna köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: