JEMGYÝET

«Lebapenergo» elektrik togy bilen bagly şulary ýatlatdy

Türkmenistanda ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, Lebap welaýatynda elektrik ulgamlarynyň durnukly we howpsuz işlemegini üpjün etmek maksady bilen degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Elektrik energiýasyndan peýdalanmakda bellenilen kadalaryň berjaý edilmegi raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem önümçiligiň we hojalyk işleriniň kadaly alnyp barylmagynyň möhüm şertidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanylan «Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalaryna» laýyklykda, howa arkaly geçýän elektrik geçiriji ulgamlaryň töwereginde ýörite gorag zolaklary bellenilýär. Bu zolaklarda ot ýakmak, degişli edaralaryň ýazmaça ylalaşygy bolmazdan gurluşyk we abatlaýyş işlerini geçirmek, ýer gazmak, bag ekmek ýa-da çapmak, beýikligi 4,5 metrden geçýän ulaglary we enjamlary geçirmek berk gadagan edilýär. Kadalaryň bozulmagy elektrik geçiriji ulgamlaryň adatdan daşary ýagdaýda öçmegine, betbagtçylykly hadysalara hem-de dürli pudaklarda bökdençlikleriň döremegine getirip bilýär.
Şunuň bilen baglylykda, «Lebapenergo» önümçilik birleşigi raýatlary howa elektrik geçiriji ulgamlarynyň golaýynda gadagan edilen islendik işleri geçirmekden saklanmaga, bellenilen düzgünleri berk berjaý etmäge çagyrýar. Bu düzgünleriň ýerine ýetirilmegi ilatyň howpsuzlygyny, elektrik üpjünçiliginiň bökdençsizligini hem-de umumy abadançylygyň üpjün edilmegini gazanmaga gönükdirilendir.