TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapdan soň daşoguzly şalyçylar hem borçnamasyny amal etdiler

Lebap welaýatyndan soň 2024-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň şalyçylary hem 8
müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirdiler. Şeýlelikde, Watan harmanyna 35 müň
tonnadan gowrak şaly hasyly tabşyryldy we şertnamalaýyn borçnamalar abraý bilen
berjaý edildi.
Welaýat gazeti tarapyndan berilýän habara görä, öndürilen şalynyň agramly bölegi
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow
adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçy kärendeçileri
tarapyndan ýetişdirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl şaly hasylyny ýetişdirmäge Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki «Ykbal açary» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşandylar. Olar şaly hasylyny ilkinji gezek ýetişdirýändiklerine garamazdan, 500 gektar ýerden 2 müň tonnadan gowrak «sary altynyň» hasylyny ýygnamagyň hötdesinden geldiler.
Şalyçylaryň zähmet üstünligini gazanmagyna ýokary öndürijilikli tehnikalara erk
edýän mehanizatorlaryň, «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň, şeýle hem daýhan
birleşikleriň hünärmenleriniň goşandy uly diýlip, habarda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: