Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberi 65 milliard kub metre çenli artdyrylar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu geçiriji arkaly her ýylda 40 milliard kub metre golaý gaz eksport edýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça hyzmatdaşlyk 2006-njy ýylda baş ylalaşyga gol çekilmegi bilen başlanyp, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ulanmaga berildi. 2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, bu geçiriji arkaly Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Şeýle hem «CNPC» kompaniýasynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler her ýylda goşmaça 10 milliard kub metr gaz ibermegiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Lebapdan Hytaýa akdyrylýan gaz 1,5 esseden gowrak artdyrylar
23
Mar

