Lebapdaky Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär
Lebap welaýatynda önümçilik kuwwatlylygy bilen tapawutlanýan Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan gurnama demirbeton önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär.
Üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi boýunça zawodda gurnama demirbeton önümleriniň 21 müň 205 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi 38 million 700 manada, 107,5 göterime deň boldy. Gurnama demirbeton öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, önümçiligiň ösüş depgini 107,7 göterime, manat hasabynda 107,6 göterime ýetirildi.
Zawodda 200-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.
Kärhanada gurluşyk üçin zerur çig mal hasaplanylýan tebigy derýa çägesini almakda, keramzit taýýarlamakda, şeýle-de keramiki kerpiç önümlerini öndürmekde hem netijeli işler ýola goýuldy.