Bu barada welaýat neşiri täze sanynda habar berýär. Neşirde çap edilen Daýahatyn kerwensaraýy baradaky makalada bellenilişi ýaly, bu ýadygärlige meňzeş taryhy desgalaryň dünýä ýüzünde ýene diňe iki ýurtda — Özbegistanda we Eýranda saklanyp galandygyny alymlar belleýärler.
1950-nji ýylda şu ýerde ylmy-barlag işlerini geçiren moskwaly alym Anna Pribytkowanyň bellemegine görä, şeýle binalary gurmak däbi IX — X asyrlara mahsus bolupdyr. Bu kerwensaraýy ilkinji gezek geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda arheolog-alymlar A. Maruşenko, S.Ýerşow dagy öwrenýär. Soňra
Özbegistanyň paýtagty Daşkentden G.Pugaçenkowanyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan kerwensaraýyň arhitektura ölçegleri geçirilýär.
Lebapdaky ýadygärlige çalymdaş desgalar diňe iki ýurtda gabat gelýär

22
May