Lebapdaky töleg terminallarynyň sany 6,8 müňden geçdi
Şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, Lebap welaýatynda işjeň ulanylýan nagt däl hasaplaşyk terminallarynyň sany 6841-e çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.
Sebit ýurtda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän terminallaryň sany boýunça Aşgabat şäherinden soň ikinji orny eýeleýär. Bu bolsa welaýatda nagt däl hasaplaşygyň okgunly ösdürilýändigini görkezýär.
Kartlaryň we bankomatlaryň sanynda bolşy ýaly, terminalllaryň sany boýunça hem welaýatda «Daýhanbank» FTB-niň terminallary agdyklyk edýär. Häzirki wagtda olaryň sany 2247-ä ýetýär.