JEMGYÝET

Lebapdaky senagat önümçiliginiň üçden iki bölegi hususy pudaga degişli

Ýanwar aýynda Lebap welaýatynda senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 1711,3 million manatlyga barabar boldy. Öndürilen şonça önümiň 528,2 million manatlygy döwlet böleginiň kärhanalaryna degişli boldy.
Möhüm pudakda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende artyş depgini sementi, nah ýüplükleri, elektrik energiýasyny, süýji-köke önümlerini, ýüpek matalary we beýleki önümleri öndürmekde bellenildi.
Şu ýylyň ýanwar aýynda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan önümleriň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 437,7 million manatlyk boldy we şol harytlaryň deň ýarysy ýurdumyzyň daşyna ugradyldy.