Lebap welaýatyndaky orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan 20 – 21-nji aprelde onlaýn görnüşde geçiriljek «IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.
Hakaton bäsleşigi şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Her okuw mekdebinden üç talypdan ybarat bolan bir topar gatnaşyp biler. Bäsleşigiň gatnaşyjylary üçin barlagnama ýumuşlary taýýarlanyp, olary çözmek üçin 60 minut wagt berler. Barlagnamanyň netijeleri boýunça eminler topary baş baýragyň eýesini kesgitlär. Şeýle hem iň oňat netije görkezen gatnaşyjylara iki sany I orun, dört sany II orun we bäş sany III orun berler. Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 6-njy aprele çenli bellenilen nusga boýunça sowalnamany dolduryp, sedahojayev06@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydyrlar. Hakaton bäsleşigi baradaky goşmaça maglumatlary institutyň saýtyndan, şeýle hem +99362665547 telefon belgisi arkaly alyp bolar.
Lebapdaky okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
30
Jan
