YKDYSADYÝET

Lebapdaky oba hojalyk meýdanlary 263,5 müň gektardan hem geçýär

Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 263 müň 533 gektar ýerde oba hojalyk ekinleri ösdürilip
ýetişdiriler. Şol ýeriň 130 müň gektaryna gowaça ekiler. Şonça meýdandan 320 müň tonna
ýokary hilli hasyl almak meýilleşdirildi.
Şu günlerde gowaça ekişine pugta taýýarlyk görülýär. Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3
müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinlerini, 3 müň
320 gektara kösükli däneli ekinleri we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk
otlary 400 gektara ýorunja ekmek meýilleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: