Lebapdaky oba hojalyk meýdanlary 263,5 müň gektardan geçdi
Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 263 müň 533 gektar ýerde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.
Şol ýeriň 130 müň gektarynda bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl galla oragynda 310 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak meýilleşdirildi.
Ekerançylyk ýerleriniň 130 müň gektarynda bolsa gowaça ekiler. Şonça meýdandan 320 müň tonna ýokary hilli hasyl almak meýilleşdirildi.
Şeýle hem 10, 2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler, 400 gektara ýorunja, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.
Esasy azyklyk ekinleriň biri bolan ýeralmanyň ekilýän meýdany geçen ýyllardaky möçberinde saklanýar. Welaýatda ýazlyk we güýzlük ýeralmany hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek üçin 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdany bölünip berildi. Şu ýyl ýeralmanyň ekilen her gektaryndan 140 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 5625 gektar, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 6045 gektar meýdan bölünip berildi.
Şu ýyl welaýatda pomidor ekilen ýeriň her gektaryndan 250, hyýar ekilen ýeriň her gektaryndan 200, sogan ekilen ýeriň her gektaryndan 250, kelem ekilen ýeriň her gektaryndan 250, käşir ekilen ýeriň her gektaryndan 180, şeýle-de bakja ekilen ýeriň her gektaryndan 200 sentner hasyl ýygnamak maksat edinilýär. Eýýäm ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işlerine hem girişildi. Bugdaýdan boşan ýerlere ekiljek mäş, noýba ýaly aralyk ekinleriň her gektaryndan 15 sentner hasyl ýygnalar.