TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapdaky oba hojalyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde

5-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde bolsa sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen gurplandyrmak çäreleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat berildi.