Lebapdaky kitaphanalaryň gory geçen ýylda 7,2 müň kitap artdy
Kitaphanalaryň gory yzygiderli artdyrylýar. Geçen ýylda Lebap welaýatynyň kitaphanalarynyň kitap gaznasy 7 müň 298, şonuň bilen birlikde welaýat kitaphanasynyň gory hem 911 kitap artdy.
Bu barada welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde welaýat kitaphanasynyň direktory tarapyndan taýýarlanan makalada aýdylýar.
Häzirki wagtda Lebap welaýatynda bar bolan 53 sany kitaphanada 1 million 378 müň 953 kitap, şol sanda welaýat kitaphanasynyň gorunda 305 müň 841 sany kitap bar.