Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň
talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa
ýurduň we daşary ýurtlaryň 17-siniň, şol sanda, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-
nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň,
Türkiýe Respublikasynyň, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukraina Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Kipr
Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 450-si gatnaşdy.
Olimpiada ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly
gatnaşyklary berkitmekde we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş
etmekde uly ähmiýete eýe bolup, ol ýokary okuw mekdepleriniň professor-
mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny
guramaklyga, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri,
tejribeleri derňemeklige giň mümkinçilik döretdi.
Olimpiadanyň netijeleri ýakyn günlerde yglan ediler.
Lebapdaky institutda halkara olimpiada geçirildi

09
Dec