Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenabat Halkara howa menzili boýunça ýükleriň 542 tonnasy, Kerki Halkara howa menzili boýunça bolsa 115 tonnasy daşaldy.
Şeýle-de bu döwürde Türkmenabat Halkara howa menzilinden 129 müň 20 ýolagça, Kerki Halkara howa menzilinden bolsa 34 müň 405 ýolagça döwrebap hyzmatlar gurnaldy.
Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.
Türkmenabatdaky Halkara howa menziliniň 2018-nji ýyldaky, Kerkidäki menziliň 2021-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys.
