Türkmenabat Halkara howa menziliniň täze binasy 2018-nji ýylda, Kerki halkara howa menzili bolsa 2021-nji ýylda ulanylmaga berlip, häzirki wagtda sebitde hyzmat edýän iri howa ulaglaýyn merkezleriň biri bolup çykyş edýär. Iki menzil hem bilelikde sagatda 600 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolup, ýolagçy kabul ediş-den geçiriş ulgamlary we tehniki üpjünçiligi boýunça halkara talaplaryna laýyk gelýär. Türkmenabatdaky täze toplumyň ICAO-nyň halkara standartlaryna laýyklygyny Germaniýanyň Mýunhen howa menziliniň beren sertifikaty hem tassyklaýar.
Bu menzilleriň üsti bilen ýolagçylar halkara gatnawlaryna amatly ugurlar boýunça hyzmat alyp bilýär. Şeýle hem uçuşlaryň dolandyrylyşy, ýangyç üpjünçiligi we beýleki hyzmatlar dünýäniň dürli ýurtlarynyň awiakompaniýalarynyň uçarlaryna ýerine ýetirilýär. Munuň özi Lebap sebitiniň howa arkaly logistika mümkinçilikleriniň ösdürilmegine hyzmat edýär.
Lebapdaky halkara howa menzilleri döwrebap mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar
21
Nov
